Lebap welaýatynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli wagtaýyn sergi açyldy

17:1818.01.2020
0
1079

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Watan goragy — mertebe» atly baýramçylyk dabarasy geçirilip, wagtlaýyn sergi açyldy ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Oňa Türkmenabat garnizonynyň we serhet birikmesiniň esgerleri hem-de serkerdeleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, welaýat baş bilim müdirliginiň wekilleri, Türkmenabadyň Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Watan mukaddesligi, ony goramagyň belent borçdygy, şeýle-de dürli döwürlerde ýaşap geçen türkmen serkerdeleri, olaryň jeň meýdanlarynda görkezen edermenlikleri barada gürrüň berdiler.

Soňra wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy boldy. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar onuň ilkinji tomaşaçylary boldular. Sergide Türkmenistanyň Prezidentiniň eserleri, Watan goragçylaryna eden sargytlary aýratyn orun tutýar. Şonuň ýaly-da sergide dürli döwürleriň harby eşikleri, 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda türkmenistanlylaryň görkezen gahrymançylygy, tyldakylaryň gaýduwsyz zähmetine bagyşlanan maglumatlar goýlupdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň