Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda sürüm geçirilen ýerler 100 müň gektara golaýlady

16:5718.01.2020
0
626

Lebap welaýatynyň hojalyklarynda gyşyň häzirki günleriniň her bir pursadyndan ýerlikli peýdalanmak arkaly ekerançylyk ýerleri ýetip gelýän ýaz ekişine göreldeli taýýarlanylýar. Hut şu günlerde talaba laýyk ýerine ýetirilen işleriň geljekki hasylyň bereketli bolmagynyň esasy şertleriniň biridigine anyk göz ýetirýän daýhanlar ýerleri şüdügärlemek, tekizlemek, çil çekmek işlerini guramaçylykly alyp barýarlar ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Şu döwre çenli welaýat boýunça şüdügär sürümi 95 müň gektara golaý meýdanda geçirildi. Bu zerur çäre her günde 1420 gektardan gowrak meýdanda 130-a golaý tehnikanyň güýji bilen ýerine ýetirilýär. Topragyň berekedini artdyrmakda ekin meýdanlarynyň tekiz bolmagy möhüm ähmiýete eýedir. Lebaply ýer eýeleri bu meselä aýratyn üns berýärler. Welaýat boýunça bu iş jemi 20 müň gektara golaý meýdanda ýokary hil derejesinde berjaý edildi. Bu zerur agrotehniki çäräni geçirmekde tehnikalaryň jemi 60-dan gowragynyň güýjünden peýdalanylýar. Olara başarjaňlyk bilen erk edýän mehanizatorlaryň tagallalary arkaly her günde tekizlemek işleri 650 gektardan gowrak meýdanda geçirilýär. Bular bilen birlikde mehanizatorlar atyzlara çil çekmegi hem utgaşykly alyp barýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň