Arhiw

Aşgabatda «Ene toprak» atly täze filmiň ilkinji görkezilişi boldy

16:1118.01.2020
0
1969

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýewiň powesti esasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Şirli Mollaýewiň režissýorlyk etmeginde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Ene toprak» atly täze filmiň görkeziliş dabarasy boldy. Oňa täze filmde dürli keşpleri janlandyran halypa artistlerimiz bilen birlikde ýaşlar, şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Nesil» gazetinde habar berilýär.

Filmde çykyş edýän gahrymanlaryň aglabasy ýaşlardyr. Ahal welaýat häkimliginiň ýardam bermeginde Ak bugdaý etrabynyň ekin meýdanlarynda, etrabyň çägindäki döwrebap obada surata düşürilen filmiň dowamynda ene ýere ekin ekip, arman-ýadaman onuň idegini ýetirip, ondan bol hasyl alýan daýhanlarymyzyň, dünýäniň ösen ýurtlarynda öndürilen oba hojalyk tehnikalaryna ideg edýän mehanizatorlaryň çekýän zähmetini göreniňde, ýa-da ak atyzly meýdanlarda ak altyna deňelýän pagtanyň bol hasylyny synlanyňda gözler dokunýar.

Filmde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli-sazly drama teatrynyň artisti Döwran Saryýew baş gahryman Hangeldiniň keşbini, onuň ejesi Akgülüň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Mamagül Durdyýewa, kakasy Magtymguly mugallymyň keşbini Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň hünärmeni Aman Şarlyýew, Nursähet başlygyň keşbini Toýly Allaýarow, Mähegiň keşbini Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby Ogulsoltan Hangeldiýewa, Nurberdi dökünçiniň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Çary Hommadow dagylar ýerine ýetiripdir. Filmde iň şowly çykan keşpleriň biri hasaplanylýan, tomaşaçylarda mylaýym ýylgyryşy döredýän Amangeldi gapançynyň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Amangeldi Sapardurdyýew, onuň aýaly Döndi daýzanyň keşbini bolsa hakyky durmuşda-da artistiň maşgalasy Döndi Sapardurdyýewa janlandyrypdyr. Filmde ýaňlanýan sazlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli-sazly drama teatrynyň artisti Kuwwat Çaryýewiň awtorlygynda taýýarlanan sazlardyr. Halypa şahyrlarymyz bilen birlikde ýaş şahyrlarymyzyň sözlerine döredilen ajaýyp aýdymlar, şirin owazlar filmiň has-da täsirini artdyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň