Nemes alymlary gadymy Margianany içgin öwrenýärler

15:5818.01.2020
0
813

Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gadymy Margianadan tapylan arheologiýa tapyndylaryny rejelemek we gorap saklamak boýunça okuw-maslahaty geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

2017 ― 2018-nji ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýindäki seýrek duş gelýän arheologiýa tapyndylar Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin, Gamburg we Mangeým şäherlerinde guralan «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly arheologik sergilerde ilkinji gezek görkezildi. Bu medeniýet ulgamynda türkmen-german gatnaşyklarynyň pugtalanýandygynyň mysalyna öwrüldi.

2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäheriniň «Gadymy we irki taryh» muzeýiniň direktorynyň orunbasary Anton Gass we muzeýiň rejeleýiş ussahanasynyň başlygy Sçmit Filipp Sebastýan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde arheologiýa gymmatlyklaryny rejelemek boýunça tejribe alyşmak üçin iş sapary bilen geldiler. Iş saparynyň çäklerinde agzalan muzeýde Aşgabat şäheriniň we welaýat muzeýleriniň hünärmenleri bilen maslahat geçirildi. Nemes hünärmenleri «Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly serginiň eksponatlarynyň sergä gatnaşyjylara gadymy margianalylaryň durmuşy, medeniýet, däp-dessurlary hakda giňişleýin düşünje berendigini aýtdylar.

13 — 17-nji ýanwar aralygynda guralan okuw-maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň muzeýleriniň «Çeper rejeleýiş we dikeldiş işleri» bölüminiň işgärleriniň gatnaşmagynda taryhy gymmatlyklaryň aýawly saklanylyşy, olarda rejeleýiş-dikeldiş işlerini geçirmegiň dünýä tejribesi, şeýle-de, arheologiýa gymmatlyklarynyň zaýalanmagynyň öňüni almak we gorap saklamak dogrusynda tejribedir nazaryýet sapaklary geçirildi. Duşuşyklaryň çäklerinde Döwlet muzeýiniň arheologiýa gaznasynda saklanylýan keramikadan we bürünçden ýasalan käbir gymmatlyklaryň rejeleýiş we dikeldiş işleri hem geçirildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň