«Türkmenistan» kinokonsert merkezinde geçirilen maslahat Aşgabatda bolan halkara dabaralaryň jemlerine bagyşlandy

15:4618.01.2020
0
670

Düýn paýtagtymyzdaky «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi hem-de Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň medeniýet toplumynyň wekilleri bilen birlikde, degişli ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle-de döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Nygtalyşy ýaly, golaýda geçirilen halkara derejeli forum ýurdumyzda we daşary döwletlerde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna meýilleşdirilen giň gerimli çäreleriň başyny başlady. Maslahatyň çäklerinde BMG-niň düzümleri bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň arasynda resminamalaryň jemi 12-sine gol çekildi.

Çykyşlarda nygtalyşyna görä, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagy dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi gazanmak, «Açyk gapylar» syýasatymyzy giňden dabaralandyrmak bilen bagly wezipelerden ybarat boldy. Bu babatda Türkmenistan ençeme möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi. Netijede, milletiň Lideriniň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de durnukly ulag boýunça teklipleri, şeýle hem beýleki ugurlar boýunça wajyp başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan goldanyldy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen berkidildi. Mysal üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylda geçirilen 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek, 2018-nji ýylda geçirilen 72-nji mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek, 2019-njy ýylda bolup geçen 73-nji mejlisinde bolsa, 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamalaryny ýatlamak bolar. Umuman, milletiň Lideriniň teklipleri esasynda halkara ähmiýetli meseleler boýunça Baş Assambleýa tarapyndan 13 Kararnama kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň