Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatyndaky maslahat ýylyň dowamynda goýlan maksatlara bagyşlandy

15:3918.01.2020
0
513

Ahal welaýatynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanan baý many-mazmunly çärelere giň gerim berildi. Welaýatda ýaýbaňlandyrylýan maslahatlar, duşuşyklar, aýdym-sazly dabaralar we wagyz-nesihat çäreleri raýatlaryň gyzyklanmasyna eýe bolýar. Düýn welaýat merkezindäki Medeniýet öýünde «Arkadagyň paýhasyndan dünýä belli aslymyz, Arkadaga wepalydyr neslimiz» ady bilen geçirilen maslahat hem bu hakykatyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Ony welaýat häkimligi welaýatyň jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi bilen bilelikde gurady ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, geçen ýyl Ahal welaýatynyň ilatynyň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy hem şanly wakalara baý boldy. Tamamlanan ýylda welaýatyň täze, döwrebap dolandyryş merkeziniň gurluşygyna badalga berilmegi, welaýatyň çäginde tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi, senagat, önümçilik maksatly desgalaryň, bilim ojaklarynyň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi şeýle ajaýyp wakalaryň hatarynda agzalmaga mynasypdyr. Welaýatyň oba hojalyk toplumynyň ähli ugurlarynda hem ýokary netijeler gazanylyp, guwandyryjy sepgitlere ýetildi.

Maslahatda çykyş edenler 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagynyň taryhy ähmiýeti barada aýratyn belläp geçdiler. Üstümizdäki ýylda ýylyň şygaryndan ugur alnyp geçirilmegi göz öňüne tutulýan iri çäreleriň ähmiýeti, döwlet Baştutanynyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny ilat arasynda wagyzüňdew etmek boýunça işleri giň gerimde alyp barmak dogrusynda aýdylanlar maslahata gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn goldanyldy.

Maslahatyň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar bu ýere ýygnanan ildeşlerimiziň şowhunly el çarpyşmalary bilen gyzgyn garşylandy.

Maslahatyň çäginde medeni ojagyň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi hem uly gyzyklanma döretdi. Welaýat kitaphanasynyň göçme kitap sergisine milli Liderimiziň kitaplary aýratyn bezeg berdi. Bagtyýarlyk döwrümiziň özboluşly nyşanlaryna öwrülen döwrebap desgalardyr binalaryň nusgalary serginiň ähmiýetini has-da artdyrdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň