Liwerpulmy ýa-da Mançester Ýunaýted?!

13:5718.01.2020
0
399
Liwerpulmy ýa-da Mançester Ýunaýted?!

Ertir, has takygy, 19-njy ýanwarda Angliýada derbi duşuşyklarynyň biri bolar. Demirgazyk-Günbatar derbisi diýlip atlandyrylýan bu sebitleýin derbi duşuşygynda sanawyň lideri Liwerpul öz meýdançasynda Mançester Ýunaýtedi kabul eder. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 21:30-da başlanar.

Iki topar häzirki güne çenli ähli ýaryşlary hasaba alanyňda, 203 duşuşyk geçirdi. Şolarda Mançester Ýunaýted 80, Liwerpul 66 gezek ýeňiş gazandy.

57 oýun deňlikde tamamlandy. Ikisiniň arasynda hasaba alnan iň uly tapawutly duşuşyk 1895-nji ýylda bolup, şonda Liwerpul 7-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Liwerpul – Mançester Ýunaýted duşuşyklarynda iň köp çykyş eden futbolçy uelsli Raýan Giggz bolup, ol 48 gezek bu tejribäni başdan geçirdi.

Şeýle hem 1-nji aýlawdaky duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde gutardy. Başgaça aýdylanda, Liwerpulyň  şu möwsümde utuk ýitiren ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk duşuşygy bolupdy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň