Maddy däl medeni gymmatlyklar toplanylar

12:1118.01.2020
0
3890

Maddy däl medeni gymmatlyklary toplamak hem-de olary düýpli öwrenmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurduň welaýatlaryna ylmy toparlarlaryň saparlary guralar. Bu barada 17-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi – diýip, TDH ýazýar.

Amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän toparyň agzalary türkmen halkynyň saklanyp galan däp-dessurlary, ýörelgeleri, aýdymlary we beýleki maddy däl medeni gymmatlyklary baradaky maglumatlary ýygnarlar, olar düýpli öwreniler we şolaryň esasynda ylmy işler — makalalar, gollanmalar, dissertasiýalar ýazylar.

Türkmen Lideri hasabaty diňläp, aýawly saklanyp gelinýän türkmenleriň baý taryhy we özboluşly medeniýetine degişli subutnamalary öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, oňa gatnaşyjylaryň halkymyzyň hakydasynda saklanan nakyllaryň, ganatly jümleleriň ýygnalmagyna, rejelenilmegine möhüm üns bermegi zerurdyr. Gadymy türkmen dilinde ulanylan käbir sözleriň, wagtyň geçmegi bilen ulanyşdan galanlary bar. Halk döredijiliginde köpsanly nakyllar we rowaýatlar bar. Şolar ýurdumyzyň dürli sebitlerinde dürli görnüşlerde ulanylýar. Şeýlelikde, bu gymmatlyklary ýygnap, öwrenip, alnan maglumatlar çap etmäge taýýarlanylmalydyr. Munuň diňe bir ylmy babatda däl, eýsem, ägirt uly terbiýeçilik ähmiýeti bardyr. Bularyň hemmesi biziň bahasyna ýetip bolmajak mirasymyzdyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Ahalteke bedewi, türkmen alabaýy, el halylary ýaly umumadamzat medeniýetiniň hazynasyna goşulan milli gymmatlyklar baradaky maglumatlary giňden ýaýratmak boýunça alnyp barylýan ylym-bilim işlerini dowam etmek zerurdyr. Milletiň Lideri ýurduň çäginde irki antik döwürden orta asyrlaryň soňky eýýamlaryna çenli bolan aralykda saklanyp galan taryhy arheologiýa ýadygärlikleri hakyndaky maglumatlaryň dünýäniň taryhy ylmy üçin uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurduň welaýatlary boýunça guraljak toparyň işiniň taýýarlygy we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda ähli zerur tagallalary etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň