“Sony”-nyň kamerasyny ulanar

12:0318.01.2020
0
574

Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy öz mobil enjamlarynda oturdýan fotoapparatlaryny dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryna sargyt edýär. Indi bolsa, bu ugurda baý tejribesi bolan “Sony” kompaniýasyna 52 MP durulygynda sensor sargyt etdi. Ulanyjylar smartfonlaryň kamerasynyň durulygyna aýratyn ähmiýet berýärler.  Täze sensor “Huawei P40 Pro” modelinde oturdylar. Bu kamera garaňky ýerlerde hem wideoýazgylaryny almaga we surata düşürmäge mümkinçilik berer. aragatnaşygyň 5-nji nesline hem aýratyn üns berýän “Huawei” täze mobil enjamlary barada mart aýynda geçiriljek dabarada has giňişleýin maglumat berjekdigini mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň