Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Bitaraplygyň halkara dostluk toparyny döretmek başlangyjyny öňe sürýär

12:0218.01.2020
0
1296

 

17-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy syýasy-diplomatik ugry boýunça dünýä derejesinde Bitaraplyk ýörelgelerini amaly taýdan durmuşa geçirmek boýunça döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyndan ugur alyp, golaýda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki baş edarasynda daşary ýurt ilçileriniň gatnaşmagynda duşuşygyň meýilleşdirilendigini habar berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Onda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde bitaraplyk ýörelgelerini ulanmak boýunça Kadalar toplumyny işläp taýýarlamak hem-de Bitaraplygyň halkara dostluk toparyny döretmek boýunça teklip ara alnyp maslahatlaşylmaga hödürleniler.

Döwlet Baştutanyň 14-nji ýanwarda Aşgabatda geçen iri halkara forumda eden çykyşynda aýratyn bellenilip geçilen Owganystanyň parahatçylykly ösüşine ýardam bermek babatynda 2020 — 2022-nji ýyllarda Türkmenistanyň Owganystana ynsanperwer kömegini bermeginiň maksatnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Milletiň Lideri maslahatda eden çykyşynda halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ünsi çekip, şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýleki maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Bu wezipäni ýerine ýetirmek maksady bilen, şu günler zerur işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Aşgabatda geçirilen halkara maslahatynyň ýurdumyzyň halkara bileleşigindäki abraýyny we ornuny pugtalandyrmakda, ählumumy derejede bitaraplyk ýörelgeleriniň ykrar edilmeginde uly ähmiýetini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň