Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DHÇMB-nyň işini kämilleşdirmek boýunça startegiýa taýýarlanylýar

01:5718.01.2020
0
7151

17-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanyň Prezidentine «Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin strategiýasynyň» taslamasyny hödürledi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Bu strategiýa Türkmenistanyň haryt öndürijileriniň halkara söwdasyna gatnaşmagy üçin amatly şertleri döretmek arkaly ýurdumyzyň eksport kuwwatyny giňeltmäge gönükdirilendir. Onuň durmuşa geçirilmegi kärhanalaryň netijeli täjirçilik işini üpjün etmäge, şol sanda «bir penjire» ulgamynyň üsti bilen, sanly ulgamy we maglumatlar üpjünçiligini, täze birža gurallaryny ulanmak arkaly, söwda işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Strategiýanyň baş wezipesi Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň sebitde hem, dünýäde hem bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň we ýurdumyzyň söwda toplumynyň beýleki edaralarynyň işlerine çemeleşmeleri döwrebaplaşdyrmagyň, sanlylaşdyrmak esasynda eksport-import amallaryny kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz telekeçilik işleriniň täze ugurlaryny we usullaryny gözlemegiň zerurdygyny belledi.

Milletiň Lideri ýurdumyzyň işewürliginiň senagat pudagyny we daşary ykdysady aragatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmakda wajyp orun eýeleýändigini belläp, bazar gurallaryny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de telekeçileriň döwlet maksatnamalaryna we giň gerimli taslamalara işjeň gatnaşmagy üçin şertleri döretmek boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň