Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Elektron salgyt» ulgamyny işe giriziler

01:4418.01.2020
0
19407

17-nji ýanwarda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa «Elektron salgyt» ulgamyny girizmegiň göz öňünde tutulýandygy barada habar berildi. Bu ulgam Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda hem-de salgyt ulgamynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti döwletimiziň pudaklaryň sanlylaşdyrylmagyna aýratyn üns berýändigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek barada degişli wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň