Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri we mikrodökünleri satyn almak hakynda» Karara gol çekdi

23:5817.01.2020
0
7621

17-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna «Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri we mikrodökünleri satyn almak hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow güýzlük dänelik ekinlere edilýän ideg işleriniň we ýaz ekişine taýýarlyk çäreleriniň depginini güýçlendirmek barada anyk görkezmeleri berdi. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutany şu ýyl her welaýatda bugdaýyň, gowaçanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi wise-premýerden talap etdi.

Döwlet Baştutany oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri we mikrodökünleri satyn almak hakynda Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu serişdeleri satyn almak üçin şertnamalaryň baglaşylmagyny we olaryň ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2020-nji ýylyň hasyly üçin ekilen bugdaýyň bir hem-de iki ülüşli haşal otlaryna, kesellerine we zyýankeşlerine, şalynyň haşal otlaryna hem-de 2020-nji ýylyň pagta hasyly üçin ekiljek gowaça tohumyny kesellere garşy dermanlamakda, şeýle hem çekirtge zyýankeşine garşy ulanyljak himiki serişdeleri hem-de bugdaýy iýmitlendirmek üçin mikrodökünleri satyn almak barada degişli daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň