Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliigniň ýanyndaky Merkezi balans toparynyň düzümi tassyklanyldy

23:5317.01.2020
0
6288

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Merkezi balans toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

TDH-nyň habarynda hem aýdylyşy ýaly, resminama bilen bu toparyň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow 17-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Wise-premýer balans toparynyň işi barada maglumat berip, maliýe taýdan durnuklylygy üpjün etmek, tölege ukyplylygy artdyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 3-nji noýabryndaky Kararyna laýyklykda, Merkezi balans topary hakyndaky Düzgünnama üýtgetmeler girizildi. Birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda bu toparyň düzümine gaýtadan seredildi hem-de bu barada Kararyň taslamasy taýýarlanyldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň