Soňky habarlar

Arhiw

Goturdepe tilsimat ulaglary müdirliginde geçen ýyl 41 million manatlyk iş ýerine ýetirildi

20:5617.01.2020
0
1534

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Goturdepe tilsimat ulaglary müdirligi täze ýyla zähmet üstünlikleri bilen girişdi. Bu öňdebaryjy müdirligiň dürli kärde zähmet çekýän işçileridir inžener-tehniki işgärleri öz saýlap alan hünärleriniň ussatlary hökmünde tanalýarlar. Kärhanadaky dürli maksatly tehnikalardyr ulaglaryň sanynyň üç ýüzden hem koplügi öňde goýlan wezipelere abraý bilen hötde gelmäge mümkinçilik döredýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Olaryň tehniki taýdan hemişe saz işledilmegi bolsa bitirilýän işleriň hiliniň bellenilen talaplara laýyk bolmagyny üpjün edýär. Dört sany ulaghanasy we bir abatlaýyş ussahanasy bolan müdirligiň hünärmenleri nebit çykaryjylardyr burawlaýjylara ýörite tehnikalaryň, agregatlaryň hyzmatyny bökdençsiz ýola goýýarlar, olaryň guýulary parafinden arassalamak üçin çuňluk ölçeýjilere, turbalary düşeýjilere, göçme bug desgasyna bolan isleglerini ýokary hilli ýerine ýetirýärler. Bu müdirlik soňky ýyllarda kuwwatly tehnikalaryň, ulaglaryň, enjamlaryňdyr ýörite gurallaryň ençemesine eýe boldy. Kärhananyň sürüjileridir mehanizatorlary bilen öňünden tassyklanylan meýilnamalar esasynda geçirilýän düşündiriş işleri bu ýerdäki ulaglaryň we tehnikalaryň gurat ýagdaýda saklanylmagyna hem-de netijeli işledilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Iş orunlarynda tehniki howpsuzlygyň, tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegi, işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy bolsa gazanylýan üstünlikleriň girewidir.  Müdirlik Goturdepe meýdançasyny özleşdirmekde, uglewodorod çig mallaryny çykarmakda, burawlaýyşda, guýulary düýpli abatlamak işlerinde degişli düzümleri zerur bolan dürli görnüşdäki ýöriteleşdirilen ulaglar, tehnikalardyr agregatlar bilen üpjün edip, esasy önümçilik işiniň sazlaşykly alnyp barylmagyna ýardam berýär. Sargytçylaryň ulag we ýörite tehnikalar bilen üpjünçiligi her ýylyň başynda baglaşylýan şertnamalar esasynda, gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz ýola goýulýar. Yzygiderli gelip gowuşýan täze ulaglardyr agregatlar öz wagtynda önümçilige ornaşdyrylyp, olara tejribeli hünärmenler berkidilýär.

«ХJ-250» hem-de «UPT-1-50» kysymly göteriji enjamlar guýularda ýerasty abatlaýyş işlerini alyp barmakda uly ähmiýete eýedir. Abatlaýyş işleri geçirilenden soň, ýer astyndan çykarylan turbalary bug bilen parafinden arassalamak işleri ýola goýulýar. Arassalaýjy göçme agregatlar bilen 130 dereje gyzgynlykda gyzdyrylýan nebiti guýa goýbermek bilen, önüm almakda dörän bökdençlikler ýeňlip geçilýär. 

Müdirlik diňe bir «Türkmennebit» döwlet konserniniň degişli önümçilik düzümlerinde iş alyp barmak bilen çäklenmeýär. Kärhana Goturdepe käninde indi birnäçe ýyl bäri özara bähbitli iş alyp barýan Russiýanyň «Tatneft» Jemagat paýdarlar jemgyýetiniň şahamçasynyň, Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Balkannebitgazgurluşyk» trestiniň buýurmalaryny hem üstünlikli ýerine ýetirýär.

Geçen ýylda müdirlik boýunça 41 million manatlykdan gowrak degişli hyzmatlar bitirilip, bellenilen meýilnama artygy bilen amal edildi. Kärhana boýunça geçen ýyl 7,5 million 217 müň manat peýda gazanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň