Gökdepe etrabynda «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli maslahat geçirildi

20:5317.01.2020
0
2250

Düýn Gökdepe etrabynyň merkezindäki Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany — parahatçylygyň we ösüşiň baş ugry» atly maslahat geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ahal welaýatyndan saýlanan deputatlarynyň, welaýatyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, şeýle-de dili senaly ýaşululardyr mährem eneleriň gatnaşmagynda guralan çärede ýurdumyzyň daşary syýasatynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri, ata Watanymyzyň dünýäniň syýasy giňişligindäki barha pugtalanýan orny, milli Liderimiziň halkara derejedäki başlangyçlarynyň Ýer ýüzünde gyzgyn goldaw tapýandygy barada aýdylyp, döwlet Baştutanymyzyň ýakynda paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatdaky çuň manyly çykyşyndan gelip çykýan wezipeler barada guwanç bilen gürrüň edildi.

Şeýle hem çykyşlarda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň şanyna 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmeginiň taryhy ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy pugtalandyrmak ugrundaky tagallalary baradaky gürrüňe giňişleýin üns çekildi.

Maslahatda medeniýet we sungat işgärleriniň, sahna ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna-da uly orun berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň