UEFA ýylyň simwolik ýygyndysyny mälim etdi

20:0317.01.2020
0
5503

UEFA ýylyň simwolik ýygyndysyny mälim etdi

Futbol janköýerleriniň ses bermegi esasynda saýlanan UEFA-da ýylyň topary mälim edildi. Iki milliondan gowrak janköýeriň ses bermegi esasynda düzülen topara Liwerpuldan 5, Barselona we Ýuwentusdan 2 hem-de Mançester Siti bilen Bawariýadan 1 futbolçy saýlandy. Şu gezek hem sanawa alnan portugaliýaly super ýyldyz Kristiano Ronaldo 14-nji gezek saýlanmagy başardy. Topardaky 7 futbolçy bolsa, ilkinji gezek sanawa alyndy.

Derwezeçi: Alisson Beker (Liwerpul)

Goragçylar: Trent Aleksander-Arnold, Wirgil Wan Deýk, Endi Robertson (üçüsem – Liwerpul), Mattiýs de Ligt (Ýuwentus)

Ýarymgoragçylar: Frenki de Ýong (Barselona), Kewin de Bruýne (Mançester Siti)

Hüjümçiler: Lionel Messi (Barselona), Kristiano Ronaldo (Ýuwentus), Robert Lewandowski (Bawariýa), Sadio Mane (Liwerpul)  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň