Perli robot

19:4417.01.2020
0
1182

Kepderileriň ganat we tüý gurluşyny ýakyndan öwrenen alymlar awiasiýa inženerçiligi üçin ähmiýeti uly bolan açyş etdiler. Alymlaryň çykaran netijelerine görä, kepderiler ganat hereketleri arkaly perlerini gymyldadyp, howada has çylşyrymly uçuşlary edip bilýärler. Guşlar awiasiýa pudagyny kämilleşdirmekde hemişe alymlaryň üns merkezinde bolmagynda galýar. ABŞ-nyň Stenford uniwersitetinde zähmet çekýän Dewid Lentink we onuň kärdeşleriniň geçiren barlaglaryna görä, bu guşuň ganatynda 40 töweregi per bar. Hünärmenler guşuň ýelekleri bilen süňküniň arasyndaky baglanyşygy ýakyndan öwrendiler. Toplan maglumatlaryny ulanyp, hakyky guş peri bilen örtülen robot ýasadylar. Nusgalyk görnüşde taýýarlanan robot hakyky kepderi ýaly uçup bilýär. Şeýle-de ol howada çylşyrymly hereketleri hem ýerine ýetirip bilýär. Lentingiň aýtmagyna görä, geljek uçarlaryň ganat kakmak ukyby bolmaz, emma olaryň ganatlarynyň şekilleri has tapawutly bolar. Bu açyş geljekde awiasiýa pudagynda täze öňegidişlikler gazanmaga ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň