Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň iň gymmat şäherleri

17:0617.01.2020
0
2410

Dünýäniň iň gymmat şäherleri

Beýik Britaniýanyň “The Economist Intelligence Unit” (EIU) biznes şereketi dünýäniň iň gymmat şäherleriniň täze sanawyny mälim etdi. Sanawa alnan 133 şäheriň arasynda ilkinji gezek 3 şäher dünýäniň iň gymmat şäheri diýen derejäni paýlaşdy. Sanawa görä, Singapuryň adybir paýtagty Singapur, Fransiýanyň paýtagty Pariž hem-de Gonkong (Hytaýyň administratiw zolagy ) şäherleri 2019-njy ýyl üçin dünýäniň iň gymmat şäherleri diýlip kesgitlenildi. Bu sanaw şäherdäki azyk, egin-eşik, öýleriň kireý tölegi ýaly jemi 150-de gowrak kriteriýa (ölçegler) esasynda düzüldi. Dünýäniň iň gymmat şäherleri sanawynda öňdäki orunlary eýelän şäherleriň 5-si Ýewropa, 4-si Aziýa, galan 2-si bolsa Demirgazyk Amerika yklymyna degişlidir. Ýagny EIU-nyň yglan eden sanawynda Singapur 1-nji, Pariž 2-nji, Gonkong 3-nji orunlara mynasyp boldy. Şweýsariýanyň Sýurih hem-de Ženewa şäherleri 4-5-nji ýerleri eýeledi. Uzak Gündogar Aziýa ýurtlaryndan Ýaponiýanyň Osaka şäheri hem-de Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul sanawyň 6-7-nji basgançagynda orun aldy. Daniýanyň paýtagty Kopengageniň 8-nji bolan sanawynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheri 9-njy, Ysraýylyň Tel-Awiw şäheri 10-njy hem-de ýene-de ABŞ-nyň Los-Anjeles şäheri 11-nji ýere mynasyp boldy.

1. Singapur

2. Pariž

3. Gonkong

4. Sýurih

5. Ženewa

6. Osaka

7. Seul

8. Kopengagen

9. Nýu-Ýork

10. Tel-Awiw

11. Los-Anjeles

 

***

Şeýle-de dünýäniň iň arzan şäherleriniň hem sanawy mälim edildi. Bu sanawda bolsa, Karakas (Wenesuela), Damask (Siriýa), Daşkent (Özbegistan), Almaty (Gazagystan), Bangalor (Hindistan), Karaçi (Pakistan), Lagos (Nigeriýa), Buenos-Aýres (Argentina), Çennaý hem-de Täze Deli (ikisem – Hindistan) ýaly şäherler öňdäki orunlary eýeledi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň