Soňky habarlar

Arhiw

Makgregor 15 aýdan soň ringe çykýar

16:0017.01.2020
0
22924

Garyşyk söweş sungatlarynyň (MMA) gopgunly ýyldyzy, irlandiýaly Konor Makgregor uzak wagtdan soň, ýagny 15 aý töweregi wagtdan soň ringe çykar. Mälim bolşy ýaly, ol soňky gezek 2018-nji ýylyň oktýabrynda russiýaly Habib Nurmagomedow bilen tutluşyp, güýçli garşydaşyndan ýeňlipdi.

Makgregor şu hepdäniň ýekşenbe güni irden, has takygy, 19-njy ýanwarda özüniň nobatdaky tutluşygyny geçirer. 31 ýaşly türgen şol gün amerikaly urşujy, “Cowboy” lakamly Donald Serrone bilen güýç synanyşar. UFC 246 ady bilen geçiriljek bu tutluşyk ABŞ-nyň Newada ştatynyň Las Wegas şäherindäki “T-Mobile” arenada guralar. Bu Makgregoryň karýerasyndaky 26-njy tutluşygy bolar. Meşhur türgen şol tutluşyklarynyň 21-sinde ýeňiş gazanyp, 4-sinde hem garşydaşlaryndan asgyn gelipdi. Makgregoryň garşydaşy 36 ýaşly Serrone garyşyk söweşlerde 51-nji gezek ringe çykar. Ol öňki 50 duşuşygynyň 36-synda garşydaşlaryndan rüstem gelip, 13 tutluşykda ýeňlişe sezewar boldy.

Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan Makgregor-Serrone tutluşygy 19-njy ýanwarda irden Aşgabat wagty bilen 06:00-da başlar. Duşuşyk Russiýanyň “Rentv” teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň