Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanyň futzal ýygyndysy Aziýa çempionatynyň taýýarlygyna girişdi

14:3217.01.2020
0
2887

Täjigistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatyna taýýarlyk görüp başlady. Bu barada ýurduň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Milli ýygyndynyň ilkinji okuw-türgenleşigi Duşenbe şäherinde bolar. Paýtagtdaky türgenleşikler 27-nji ýanwara çenli dowam eder. Täjik futzalçylary bu ýerden Tailandda geçiriljek «SAT International Futsal Championship 2020» atly halkara ýaryşa gatnaşmaga giderler.

Tailanddaky halkara ýaryşdan soňra Täjigistanyň ýygyndysynyň ugry Saud Arabystanynyň Damm şäherine tarap bolar. Bu ýerli ýerli ýygyndy we Kuweýtiň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Täjik futzalçylarynyň Aziýa çempionatynda biziň milli ýygyndymyz bilen bir toparçada ýaryşýandygyny ýatladýarys. Aziýa çempionatynyň çägindäki Türkmenistan ― Täjigistan duşuşygy 28-nji fewralda bolar. Olimpiýa şäherçesindäki Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda geçiriljek duşuşyk agşam sagat 19-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň