Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly pälwan Kerim Hojakow Türkiýedäki halkara ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy

23:3816.01.2020
0
15089

Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen «Ýaşar Dogu» atly halkara ýaryşda erkin göreş boýunça türkmenistanly türgen Kerim Hojakow bürünç medala mynasyp boldy. Ol bu üstünligi 65 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Kerimiň ýaryşan agram derejesinde türgenleriň 12-siniň bellige alnandygyny aýtsak, onda onuň gazanan üstünliginiň kiçi-girim däldigine göz ýetirmek mümkindir. Türkmen türgeniniň üstünligi barada «Göreşiň birleşen dünýäsiniň» (UWW) resmi saýty habar berýär.

Meşhur pälwan Ýaşar Dogunyň hormatyna geçirilýän bu halkara ýaryş indi ýarym asyra golaý wagt bäri Stambulda asylly däbe öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň