Mukamlar köşgünde «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanan dabara geçirildi

23:1916.01.2020
0
8496

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Arkadagyň paýhasy — Bitarap ýurduň berk binýady» atly dabara geçirildi ― diýip, TDH habar berýär.

Medeniýet ministrliginiň hem-de medeniýet ulgamyna degişli edaralaryň ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriň, döredijilik işgärleriniň we habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Mukamlar köşgünde geçirilen şu günki dabara gatnaşyjylar Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, dünýä giňişliginde abraýynyň artmagynyň hem-de ählumumy ylalaşdyryjylyk işlerinde ornuny ykrar etmegiň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň, gürrüňsiz, täze şöhratly we beýik işlere beslenjekdigini bellediler.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, 2020-nji ýylyň şygary ynsanperwer ýörelgeler bilen üznüksiz bagly bolup, olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatynyň esasynda durýar. Milli Liderimiz adamzat ösüşiniň ählumumy ösen meýillerine doly derejede kybap gelýän dünýä bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň özboluşly görnüşini işläp düzdi.

Bu çärä gatnaşyjylaryň çykyşlary 2020-nji ýylyň «Türkmenistan —Bitaraplygyň mekany» diýen şygaryna bagyşlanan aýdym-sazlar bilen utgaşdy. Paýtagtymyzyň teatrlarynyň artistleriniň, döredijilik toparlarynyň we estrada aýdymçylarynyň çykyşlarynda şu ýylyň şygarynyň many-mazmuny öz beýanyny tapdy.

Parahatçylygyň hem-de ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkynyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söýgüsiniň we hormatynyň ýürekdendigini beýan eden «Ýaşa, eziz Arkadagym!» atly aýdym dabaranyň jemleýji pursadyna öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň