Soňky habarlar

Arhiw

Çang Çing Ýu: «Aziýa ösüş banky Türkmenistan bilen ynamdar we ygtybarly hyzmatdaş bolmaga elmydama taýýar»

18:3416.01.2020
0
1310

14-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen halkara maslahata gatnaşan Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistan boýunça direktory Çang Çing ÝU türkemn metbugatyna beren interwýusynda bankyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy boýunça möhüm meseleler we wezipeler barada aýtdy.

— Aziýa ösüş bankynyň adyndan türkmen Liderini, Türkmenistanyň Hökümetini hem-de ähli türkmen halkyny 2020-nji ýylda dabaraly belleniljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 2020-nji ýyl örän möhüm senedir. Bu ýylda Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň şanly 20 ýyllygy hem bellenilýär. Türkmen Lideriniň gatnaşmagynda şu günki geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň adyndaky parahatçylyk we ösüş diýen düşünjeleriň özara aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýtmak gerek. Çünki ösüş bolmasa, parahatçylyk, parahatçylyk bolmasa, ösüş gazanylyp bilinmez. Munuň özi öz-özünden düşnükli ýagdaýdyr. Şundan ugur alyp, Aziýa ösüş banky Türkmenistanyň iň ynamdar we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolmagy ugrunda netijeli işleri amala aşyrýar.

Biziň bankymyzyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň esasy maksady ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmakdan hem-de Türkmenistany sebitleýin hyzmatdaşlykda we integrasiýada möhüm halka öwürmekden ybaratdyr. Bu strategik maksatlara ýetmek üçin biz ýurduň Hökümeti bilen köp sanly taslamalary amala aşyrdyk we bu işleri häzir hem dowam etdirýäris. Biz Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda 2020 — 2022-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýurduň elektrik geçiriji ulgamlaryny, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny goldamak, demir ýol ulgamy boýunça işleri kämilleşdirmek, ýerli banklar arkaly ýurduň kiçi we orta telekeçilerine berilýän karzlaryň mukdaryny artdyrmak hem-de saglyk ulgamyny ösdürmäge ýardam bermek ýaly möhüm wezipeleri durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýarys. Bularyň ählisi ýurduň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm taslamalardyr.

Aziýa ösüş banky ýurtlara aýry-aýry anyk ugurlar boýunça maliýe kömegini bermegi esasy iş ugurlarynyň hatarynda goýýar. Biziň tutuş Aziýa ýurtlaryna, aýratyn-da, Merkezi Aziýa döwletlerine berýän tehniki goldawlarymyz Türkmenistan üçin hem ýurtda işewürligi ösdürmäge, maýa goýum taslamalaryny artdyrmaga, umuman, içerki hem daşarky ösüşi üpjün etmäge ýardam berip biler. Şeýle hem Aziýa ösüş banky ýurtlaryň özygtyýarlylygyna hormat goýmak arkaly, döwlet düzümleri bilen birlikde, hususy pudagyň işini hem yzygiderli goldaýar. Munuň özi ykdysadyýeti köpugurly ösdürmekde we täze iş orunlaryny döretmekde hem örän ähmiýetlidir.

Amatly geosyýasy we geoykdysady çäkde ýerleşen, tebigy baýlyklaryň gorlaryna baý Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işinde ähmiýetli orun eýeleýär. Elektrik energetikasy pudagyny ösdürmek, sebit ähmiýetli ykdysady geçelgeleri gurmak arkaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrýan Türkmenistanyň ähli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn agentlikler ýaly, Aziýa ösüş bankynyň hem ynamdar we ygtybarly hyzmatdaş bolmaga elmydama taýýardygyny aýtmak isleýärin ― diýip, «Türkmenistan» gazetinde jenap Çang Çing Ýunuň aýdanlary getirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň