Arhiw

Türkmenistanda ýaş alymlaryň bäsleşigi yglan edildi

18:3316.01.2020
0
5262

«Nesil» gazetiniň şu günki (16.01.2020 ý.) sanynda türkmen ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça däbe öwrülen bäsleşik yglan edildi. Onuň düzgünnamasynda hem aýdylyşy ýaly, bu bäsleşik Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edildi.

Bäsleşik Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, ata Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen geçirilýär.

Bäsleşige şu ugurlar boýunça işler kabul edilýär:

— nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika;

— biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika;

— maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary;

— häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary;

— innowasiýa ykdysadyýeti;

— ynsanperwer ylymlary.

Bäsleşige resminama kabul edilen gününe çenli ýaşy 30-a çenli bolan ýaşlaryň özbaşdak ýerine ýetiren ylmy işleri kabul edilýär. Awtorlar öz işlerini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we pudaklaýyn ylmy-barlag institutlaryna, Tehnologiýalar merkezine, ýokary okuw mekdeplerine; ylmy-tehniki we tehniki kärhanalaryň hem-de guramalaryň geňeşlerine; orta we orta hünär okuw mekdepleriň okuw-usulyýet birleşiklerine tabşyryp bilýär. Bu bäsleşige mekdep okuwçylary hem gatnaşyp bilýär.

Bäsleşigiň doly düzgünnamasy bilen www.metbugat.gov.tm saýtyndan «Nesil» gazetiniň 2020-nji ýylyň 16-njy ýanwardaky sanyny ýükläp alyp tanyşmak mümkindir.

Ýaşlaryň arasyndaky ylmy bäsleşik her ýylyň iýun aýynda ― Ylymlar güni mynasybetli jemlenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň