Soňky habarlar

Arhiw

Wiorel Gusu: «BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň taslamalaryna we başlangyçlaryna Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaş hökmünde gatnaşýar»

18:2616.01.2020
0
863

14-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly maslahatyň işine BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel GUSU hem gatnaşdy. Ol türkmen metbugatyna beren interwýusynda şeýle diýdi:

— Biz häzirki zaman dünýäsinde azyk, ýangyç we howanyň üýtgemegi bilen bagly köp sanly çylşyrymly ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Soňky onýyllykda Ýer togalagynyň ekoulgamynyň 60 göterimine zeper ýetdi, kömürturşy gazynyň möçberi bolsa 40 göterim köpeldi we millionlarça adam iýmit ýetmezçiliginden ejir çekýär. Aslynda, ykdysady ösüş ekologik ulgamlaryň goralyp saklanylmagy babatda çuňňur oýlanmagy talap edýär. Çünki ykdysady durnuklylyk adamlaryň zerurlyklaryny nazara almak arkaly, Ýer ýüzüniň tebigy baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Oba hojalygy, şol sanda balykçylyk we tokaý hojalygy ýaly ugurlar, esasan, tebigy serişdeleriň hasabyna ösdürilýär we bu ugurlar dünýäniň umumy ilatynyň 40 göteriminiň ýaşaýşy üçin zerur bolan mümkinçilikleri döredýär. Hut şoňa görä-de, azyk we oba hojalyk pudaklary «ýaşyl ykdysadyýete» geçmek boýunça tagallalary ilerletmekde möhüm orny eýeleýärler. Şeýle hem azyk howpsuzlygy we iýmitleniş bilen bagly meseleler hem aýratyn ünsi çekmeli ugurlaryň biridir.

Türkmenistan azyk howpsuzlygy, oba hojalygynyň ösüşi, biodürlüligi saklamak we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň geljegi uly hyzmatdaşlarynyň biridir. Häzirki wagtda Azyk we oba hojalygy boýunça guramamyz Türkmenistanda amala aşyrylýan dürli görnüşli çärelere tehniki taýdan goldaw bermegini dowam etdirýär. Türkmenistan bu ugurda sebitleýin we ählumumy derejedäki iri taslamalara işjeň gatnaşýar. Geçen ýyldan başlap, Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygymyzyň hil taýdan täze derejä çykandygyny aýtmak gerek. Bilelikde amala aşyrylan köp sanly taslamalaryň netijeleri boýunça Türkmenistan üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň ýolbaşçy edaralarynyň işine gatnaşmaga mümkinçiligiň dörändigini aýtmak biziň üçin diýseň ýakymlydyr.

Şol işleriň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň arasynda gol çekilen «Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň gurak hem-de duzly territoriýalarynda tebigy baýlyklary ulgamlaýyn dolandyrmak» atly sebitleýin taslamanyň durmuşa geçirilişini mysal getirmek bolar. Bu ylalaşyga 2019-njy ýylyň awgust aýynda Awazada geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde gol çekilipdi. Şu taslamanyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramanyň işgärleriniň geljek hepdede Türkmenistana iş sapary bilen gelmekleri göz öňünde tutulýar. Şonuň bilen birlikde, bu saparyň dowamynda Azyk we oba hojalygy boýunça guramanyň Türkmenistan bilen tehniki hyzmatdaşlyk boýunça maksatnamasynyň amala aşyrylmagy babatda ýörite maslahatyny guramak meýilleşdirilýär.

Bir zady aýratyn nygtamak zerur. Häzirki wagtda Türkmenistan ähli babatda depginli ösýän ýurtlaryň hatarynda tanalýar. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň taslamalaryna we başlangyçlaryna Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaş hökmünde gatnaşyp biljekdigini şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, beýleki ýurtlardaky ýaly, Türkmenistanda hem bu guramanyň wekilligini açyp, hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ähli zerur şertleriň bardygyny ynam bilen aýtmak isleýäris. Bu bolsa, öz gezeginde, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň netijeliligini artdyrmaga ýardam berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň