Arhiw

Kristina Weýgand: «Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlykda 2020-nji ýylda täze sepgitlere ýetmegi göz öňünde tutýarys»

18:2516.01.2020
0
998

14-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly maslahatyň işine BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Kristina Weýgand hem gatnaşdy. Ol türkmen metbugatyna beren interwýusynda şeýle diýdi:

— «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda nygtalyşy ýaly, 2020-nji ýyl Türkmenistan üçin möhüm ýyllaryň biri. Bu ýylda Bitarap Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygyny belleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowanyň aýtmagyna görä, 2020-nji ýyl Milletler Bileleşigi üçin hem aýratyn ýyllaryň biri. Bu ýylda tutuş dünýä bileleşigi Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygyny belläp geçer. Şeýle hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin täze çarçuwaly maksatnamasy işlenip taýýarlanylýar.

2020-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy üçin hem aýratyn ähmiýetli ýyllaryň biridir. 2020-nji ýyl üçin strategik meýilnamalaryň esasy ugurlary hakynda gürrüň bermekden ozal, men Türkmenistan bilen Çagalar gaznasynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlykda ýeten sepgitlerimiz hakynda käbir zatlary aýtmak isleýärin. Ýagny biz geçen ýylyň noýabr aýynda diňe bir Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasynyň 30 ýyllygyny däl, eýsem, Türkmenistanyň bu konwensiýa agza bolmagynyň 25 ýyllygyny hem belläp geçdik. Bu resminama Türkmenistanyň garaşsyzlygy gazanylandan soňky adam hukuklary boýunça tassyklanylan ilkinji halkara konwensiýalaryň biridir. Çaganyň hukuklary hakyndaky bu möhüm resminamanyň kabul edilmeginiňi lkinji günlerinden bäri, uly sepgitlere ýetildi, bu ugurda netijeli işler durmuşa geçirildi.

Meselem, 2002-nji ýyla çenli Türkmenistanda poliomiýelit keseliniň dolulygyna soňuna çykyldy. Çagalaryň sagdyn ösüşi üçin esasy görkezijileriň biri bolan duzy ýodlaşdyrmak bilen bagly işler bolsa 2004-nji ýylda doly tamamlandy. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Türkmenistan Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde immunizasiýa boýunça iň ýokary görkezijileriň birini eýeleýär. 2017-nji ýylda Türkmenistan 2018 — 2020-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy. Şeýle hem ýurduň Hökümeti tarapyndan Çaganyň hukuklary boýunça hereketleriň Milli meýilnamasy kabul edildi. 2019-njy ýylyň dekabrynda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýany tassyklamak hakynda» Karara gol çekildi. Munuň özi çaganyň irki ösüşi üçin zerur bolan ýokary hilli saglygy goraýyş ulgamy, iýmitleniş, mekdepden öňki bilimiň üpjün edilmegi we goralmagy ýaly ugurlarda deňhukukly elýeterliligiň ýola goýulmagynda möhüm ädimleriň biridir.

Biz Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlykda 2020-nji ýylda täze sepgitlere ýetmegi göz öňünde tutýarys. Olar, ilkinji nobatda, şulardan ybaratdyr, ýagny biz 2021 — 2025-nji ýyllarda sanjymlary satyn almak boýunça hyzmatlar bilen bagly özara düşünişmek hakyndaky täze Ähtnamanyň tassyklanylmagyna garaşýarys. Bu resminamadaky wezipeler 2019 — 2025- nji ýyllarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda göz öňünde tutulan çagalaryň saglygy bilen bagly hyzmatdaşlygymyzyň esasy ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän işler barada aýtmak isleýärin. Ýediýyllyk Prezident maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan mekdebe çenli bilimi kämilleşdirmegiň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy we Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlenildi. Bu maksatnama Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen Türkmenistanyň arasynda bilelikde alnyp barlan işleriň netijelerini özünde jemleýär. Biz bu maksatnama 2020-nji ýylda tassyklanylandan soňra, ony iş ýüzüne geçirmekde TürkmenistanyňBilim ministrliginiňýakyndan ýardam berjekdigine uly ynam bildirýäris.

Sözümiň ahyrynda Türkmenistanda çagalaryňýagty geljeginiň hatyrasyna alnyp barylýan işlerde ýakyndan ýardam berýän ähli hyzmatdaşlarymyza hoşallyk bildirmek bilen, bu ugurda netijeli gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna bil baglaýandygymyzy aýtmak isleýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň