Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen milli halyçylyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

18:2316.01.2020
0
666

Aşgabatdaky Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde guramagynda «Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynda» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Dabara ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen halyçylar, alymlar, haly muzeýiniň hünärmenleri, ýokary okuw mekdebiniň talyp ýaşlary, mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Onuň dowamynda dabara gatnaşyjylar haly önümleriniň sergisini synladylar. Bu ýerde olar dürli görnüşdäki halylaryň dokalyş aýratynlygy bilen gyzyklandylar. Halyçy zenanlarymyz bilen söhbetdeş bolup, özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap tapdylar. Şeýle-de, dabarada çykyş edenler halynyň halkymyzyň durmuşynda tutýan orny, onuň gadymylygy, nepisligi we çeperçiligi dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Mehaniko-tehnologik orta hünär okuw mekdebiniň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary bu ýere ýygnananlaryň göwünlerini ganatlandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň