Soňky habarlar

Arhiw

«Aýdyň gijeler» smart telewizorlaryň önümçiligine girişdi

12:5416.01.2020
0
37887

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýanwar aýynyň ilkinji günlerinde IP týuner bilen üpjün edilen telewizorlaryň üç görnüşini ýygnap başlady. Olar diagonaly 32, 42 we 55 santimetr bolan telewizorlardyr. Bu iş Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň ýaş alymlar merkezi bilen bilelikde amala aşyrylýar.

Ýokary hilli önümleri bilen tutuş ýurtda meşhurlyk gazanan bu hojalyk jemgyýeti önümçilige 2016-njy ýylda kuwwatlylygy 3 wattdan 96 watta çenli bolan çyralary öndürmek bilen girişdi. Şondan bäri her ýylyň 1-nji sentýabryna çenli mekdep okuwçylary üçin öwrediji kompýuterleriň ýüz müňlerçesi hem taýýar edilýär. Bu kompýuterler körpe nesillere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgat hökmünde berilýär.

Kompaniýadan berilýän maglumata görä, ýakyn günlerde ozalkylara garanyňda has kämil öwrediji kompýuterleri gurnamak işine hem girişiler diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň