Dünýä metbugatynda türkmen Bitaraplygyna ýokary baha berilýär

10:5816.01.2020
0
4973

Şu günler daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsi 2020-nji ýylyň ähmiýetli wakasy bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gönükdi. Daşary syýasat derejäniň ýubileý senesi mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde dürli çäreler toplumynyň guralmagy meýilleşdirildi. Onuň başyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly maslahat başlady.

Russiýanyň «Interfaks» habarlar agentligi, Azerbaýjanyň «Trend» garaşsyz habarlar agentligi, «Ýewraziýanyň Ritmleri» saýty we beýleki täzelikler portallary Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bu gün türkmen Bitaraplygy sebit howpsuzlygynyň möhüm şerti bolup durýar. Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslary BMG-niň Merkezi Aziýadaky sebiti parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna, yklymlaýyn durnuklylygyň pugta guralyna öwürmäge gönükdirilen strategik esaslaryna laýyk gelýär” diýen sözlerini getirýärler.

Täjigistanyň «Avesta», Gyrgyzystanyň «Kabar» habarlar agentliklerinde we beýleki saýtlarda çap edilen makalalarda köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Owganystana ykdysady we ynsanperwerlik babatda ägirt uly goldaw berýändigi nygtalýar.

Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hususan-da, Russiýanyň DIM-niň «Meždunarodnaýa žizn» žurnalynyň, Ermenistanyň «Arm Info» habarlar agentliginiň, Belarusuň «Belta» döwlet habarlar agentliginiň makalalarynda milli Liderimiziň «Türkmenistan häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşandygyny hem-de şeýle bolmagynda galýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Ýurdumyzyň terrorçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, adam söwdasyna garşy göreşmek işinde eýeleýän wajyp ornuny nygtamak isleýärin» diýip, maslahatda aýdan sözleri getirilýär.

Kiýewiň «Fashyon-diplomaсy» mediaportalynyň, Russiýanyň «InfoŞOS» habarlar-seljeriş žurnalynyň, Hytaýyň «Sinhua» döwlet habarlar agentliginiň, Azerbaýjanyň «Azernews» gazetiniň we beýlekileriň belleýişleri ýaly, Bitaraplygyň hukuk derejesiniň ägirt uly mümkinçilikleri diňe bir ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek üçin däl, eýsem, söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ýaly birnäçe ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde bellidir.

Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpüsinde, şol sanda Hindistanyň «Diplomaty today» saýtynda, Azerbaýjanyň «Kaspiý online» internet neşirinde, Hytaýyň «CRL online» saýtynda ýerleşdirilen makalalarda döwlet Baştutanymyzyň çykyşyndan sözme-söz jümleler getirilip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bitaraplygyň ähmiýetini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, hususan-da, parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine Bitaraplygyň Dostlarynyň toparyny döretmek boýunça täze wajyp başlangyçlaryna aýratyn üns berdiler.

Azerbaýjanyň «QHT» täzelikler agentliginde, Gruziýanyň «News Day» internet neşirinde çap edilen giňişleýin synlarda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn halkara başlangyçlaryna BMG-niň Baş Sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň işiniň wagtlaýyn ynanylan wekili Lýubomir Frebort, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyklar boýunça Müdiriýetiniň sebit edarasynyň ýolbaşçysy Aşita Mittal, ÝUNESKO-nyň kabulhanasy Tähranda ýerleşýän Klaster edarasynyň ýolbaşçysy Swetan Swetkowskiý, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokar komissarynyň Müdiriýetiniň Sebit edarasynyň direktory Ýasuko Oda tarapyndan ýokary baha berlendigi bellenilýär.

Şeýle hem köpsanly daşary ýurt täzelikler neşirleri Maslahatyň çäklerinde 2020-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň BMG-niň wekilhanalary bilen hyzmatdaşlygy boýunça Iş meýilnamalaryna gol çekilendigini habar berdiler. Taraplar çaga hukuklary, gender deňeçerligi, ýaşlaryň reproduktiw saglygy we beýleki ugurlar boýunça kanunçylyk binýady ösdürmek babatda özara gatnaşyklara meýillidiklerini mälim etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň