«Barselonada» Walwerde gitdi, Setýen geldi

17:1715.01.2020
0
4561

«Barselona» 55 ýaşly hünärmen Ernesto Walwerdeniň toparyň baş tälimçisi wezipesinden aýrylandygyny habar berdi. Bu barada klubyň resmi saýtynda hem tassyklanylýar.

«Klub Ernesto Walwerdä toparda işlän döwründe görkezen profesionallygy, öz işine ýürek bilen berlişi üçin hoşallyk bildirýär. Tälimçä mundan beýläk hem üstünlikleri arzuw edýär» diýlip, «Barselonanyň» resmi saýtynda ýazylýar.

Ernestro Walwerde «Barselonada» 2017-nji ýylda işläp başlady. Onuň tälim bermeginde klub iki gezek Ispaniýanyň çempiony boldy. Şeýle hem klub bu tälimçi bilen ýurduň kubogyna hem-de Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy. Çempionlar ligasynda bolsa «katalonlar» çärýek we ýarym finallara ýetip, «Roma» bilen «Liwerpuldan» ýeňildiler.

Walwerdeniň ýolbaşçylygynda 163 duşuşyk geçiren «Barselona» şolaryň 108-sinde ýeňiş gazandy, 20 duşuşykda ýeňildi. 35 duşuşyk bolsa deňlikde tamamlandy. Klubda Ernesto Walwerdeniň ornuna 61 ýaşly hünärmen Kike Setýen baş tälimçi wezipesine getirildi.

Täze baş tälimçi bilen 2022-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşyldy. Ol mundan öň «Betis» toparyna tälim berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň