Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Aşgabatda halkara maslahat öz işine başlady

11:1614.01.2020
0
11067

Şu gün Aşgabatda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly 2020-nji ýylda «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçiriljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan halkara maslahaty öz işine başlady.

Halkara maslahatynyň dabaraly açylyşyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Bu maslahata gatnaşmak üçin abraýly halkara guramalaryň wekilleri Aşgabada geldiler. Şeýle hem, bu çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň, ÝHHG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä Bankynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň, Aziýa Ösüş Bankynyň we beýleki halkara guramalaryň sebitleýin ýolbaşçylary, Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýerli we daşary ýurt KHBS wekilleri maslahata gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Maslahatyň açylyşynda çykyş edip, Türkmenistan özi üçin oňyn bitaraplyk diýip atlandyran modeli saýlap aldy we onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň işlerine gatyşmazlyk, olaryň özbaşdaklygyna we territorial bitewiligine hormat goýmak, halkara harby guramalaryna we şertnamalaryna gatnaşmazlyk ýaly kesgitleýji düzgünlerini esaslandyrandygyny aýratyn belläp geçdi. Türkmenistanyň sebitde syýasy durnuklylygy saklamak we goldamak, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmek ulgamynda BMG-niň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrülendigini hem nygtady.

Maslahatyň barşynda şeýle-de BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Ýolbaşçysy Natalýa Drozd, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Lýubomir Frebort, BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Sebitleýin edarasynyň Başlygy hanym Aşita Mittal, ÝUNESKO-nyň Tähran şäherinde ýerleşýän Klaster edarasynyň Başlygy Swetan Swetkowskiý, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komisarynyň müdirliginiň Sebitleýin Edarasynyň direktory Ýasuko Oda dagylar çykyş etdiler.

Çykyşlarda döwletiň Lideriniň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän we halkara bileleşiginiň ähli gatnaşyjylarynyň utgaşdyrylan hereketleri arkaly aýratyn alnan ýagdaýda parahatçylykly ýollar bilen durnuklylygy, ykdysady ösüşi we howpsuzlygy saklamak boýunça global maksatlara ýetmäge gönükdirilen Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň özboluşly häsiýeti aýratyn nygtalyp geçildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň