Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen enjamda» turbalaryň täze görnüşleri öndürilip başlandy

11:0314.01.2020
0
5424

«Türkmen enjam» hojalyk birleşigi diametri 110 millimetrden 630 millimetre çenli uniwersal himiki durnuklylygy we 50 ýylyň dowamynda 10-16 atmosfera basyşa çydamly polietilen hem-de polipropilen suw we lagym turbalaryny öndürip başlady. Çig malyň esasy bölegi Gyýanlydaky (Balkan welaýaty) gaz-himiýasy toplumyndan alynýar ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän senagat binýadynda uly we kiçi diametrli suw turbalaryny, şeýle hem uly diametrli lagym turbalaryny we elektrik kabellerini çekmek üçin gasynlanan turbajyklary öndürmäge niýetlenen Germaniýada öndürilen enjamlaryň birnäçesi oturdyldy.

Kärhanada her gün 200 metrden 1000 mettre çenli polimer önüm öndürilýär. Täze kuwwatlyklaryň işe girizilmegi telekeçilere jemagat gullugynyň hem-de gurluşyk kompaniýalarynyň dürli görnüşli turbalara islegini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.

Polimer önümleriň senagat taýdan öndürilmegini guramak – Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Türkmen enjam» hojalyk birleşiginiň alyp barýan işiniň täze ugrydyr. Telekeçiler indi on ýyldan gowrak wagt bäri ýurdumyza enjamlary getirmek, şeýle hem senagat desgalaryny dolulygyna gurup, ulanmaga bermek bilen meşgullanýardy. HJ Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda dürli ähmiýetli binalaryň ýigrimä golaýynyň durkuny täzelemäge we olary döwrebaplaşdyrmaga gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň