Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti etrap häkimleriniň öňünde birnäçe borçlary goýdy

10:4414.01.2020
0
595

13-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimleriniň öňünde birnäçe wezipeleri goýdy. Şolaryň biri hem etrap häkimleriniň işi baradadyr.

TDH-nyň habar bermegine görä, Döwlet Baştutany welaýatlaryň ýolbaşçylaryna etraplaryň häkimlerinden talaby güýçlendirmek, olaryň daýhan birleşiklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy üçin şahsy jogapkärçiligini ýokarlandyrmak hem-de ekinlere edilýän ideg işleri bilen tanyşmagyny, Oba milli maksatnamasy boýunça gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýyny seljermeklerini ýola goýmak babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Milletiň Lideriniň nygtaýşy ýaly, etrap häkimleriniň adamlaryň arasynda köpräk bolmagy, olaryň hal ýagdaýy, işleriň gidişi bilen ýakyndan tanyşmagy esasy şertdir. Häkimler ýerlerde Oba milli maksatnamasy boýunça gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýlary babatynda hem ilkinji jogapkärlerdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň