Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

10:3414.01.2020
0
6945

Düýn ― 13-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar.

Welaýat häkimleriniň hasabatlarynda we döwlet Baştutanymyzyň bu hasabatlar bilen bagly tabşyryklarynda:

― ýerlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitleriň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek hem-de ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän agrotehniki çäreler;

― ak ekinli meýdanlarda alnyp barylýan işler, aýratyn-da, güýzlük bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, şol bir wagtyň özünde hem ýaz ekişine toplumlaýyn esasda taýýarlyk görmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler;

― etraplaryň häkimlerinden talaby güýçlendirmek, olaryň daýhan birleşiklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy üçin şahsy jogapkärçiligini ýokarlandyrmak hem-de ekinlere edilýän ideg işleri bilen tanyşmagyny, Oba milli maksatnamasy boýunça gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýyny seljermeklerini ýola goýmak;

― ýaz ekişine ýokary derejede taýýarlyk görmek, ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumlarynyň taýýarlanylmagyny üpjün etmek, möwsümde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallary taýýarlamak;

― ýeralmanyň, gök ekinleriň ýazlyk görnüşleriniň tohumlaryny hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny doly taýýar etmek;

― ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşy;

― «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletde tamamlanylmagy ýaly meseleler örboýuna galdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, güýzlük bugdaýa ideg işleri, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýankeşlere garşy göreş çäreleri agrotehniki kadalara laýyk alnyp barylýar. Gowaça ekmek üçin bellenilen ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew bolsa paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheriň ähli çäklerinde arassaçylygy we abadançylygy üpjün etmek, şeýle hem milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli görkezijiler babatda nusgalyk bolmagyny üpjün etmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň