Soňky habarlar

Arhiw

TGM-niň Harby-deňiz institutyna okuwa kabul edilşik başlady

09:3814.01.2020
0
7494

«Türkmenistan» gazetinde Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyna okuwa girmek üçin resminamalaryň kabul edilip başlanýandygy barada bildiriş berildi.

Bildirişde hem aýdylyşy ýaly, 2020-2021-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-de­ňiz institutynda okamaga isleg bildiren orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, ýaşy 24-den geçmedik ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 17 — 25 aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edilýär.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-de­ňiz institutynda okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden orta mekdebiň okuw maksatnamasynyň çäklerinde, döwlet dilinde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça giriş synaglary kabul edilýär. Dalaşgärleriň resminamalary ýerli etrap we şäher harby wekilliklerinde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin institutyň salgysy: Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy et­ra­by­nyň Türk­men­ba­şy şä­her­çe­si­niň Asu­da­lyk kö­çe­si­niň 10-njy ja­ýy. Te­le­fon bel­gi­le­ri­: 8-00-243 7-98-24; 7-81-47; 7-97-34.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň