Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Baş drama teatrynda döwrebap wakalardan söhbet açýan täze komediýa sahnalaşdyrylýar

09:3514.01.2020
0
701

Türkmenistanyň Baş drama teatry 2020-nji ýylyň ilkinji günlerinde «Tomaşaly toý bolanda» atly sahna eserini taýýarlamaklyga girişdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Gazetde teatryň baş ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow bilen söhbetdeşlik guralypdyr. Režissýor täze sahnalaşdyrylýan eser barada şeýle gürrüň berýär:

«Bu liriki komediýanyň gahrymanlary elleri asylly hünärli, kalplary durmuşa söýgüden doly, milli mirasymyza çuň­ňur sarpa goýýan ýaş döwürdeşlerimiz. Eserde halyçy gyz Bagtygül bilen çapyksuwar ýigit Röwşeniň arasyndaky päk söýgi eriş-argaç bolup geçýär.

Şeýle hem eserde halkymyzyň milli mirasyny öwrenmäge gelen daşary ýurtly gyz Anželika bilen ýurdumyzda atşynaslyk hünärini kämilleşdirip ýören rus ýigidi Anatoliniň hem keşpleri bar».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň