«Ynamdar.com» ― aksiýalara baý internet dükany

10:0813.01.2020
0
3055

«Ynam­dar.com» in­ternet dü­ka­ny­nyň açy­la­ny­na kän wagt geç­me­dik hem bol­sa, onuň müşde­ri­le­ri­niň sa­ny gün-gün­den art­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy, tej­ri­be­li te­le­ke­çi Nur­mu­ham­met Gapu­row ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan in­ter­net söw­da­sy «Ynam­dar.com» saý­ty ar­ka­ly amal edil­ýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

— Müş­de­ri­ler in­ter­net dü­ka­ny­na gir­mek ar­ka­ly 24 sa­ga­dyň do­wamyn­da her gün öz­le­ri­ne ge­rek bo­lan azyk we se­na­gat ha­ryt­la­ry­ny saýlap we sar­gyt edip bil­ýär­ler. In­ter­net dü­ka­ny­na ge­lip gow­şan sar­gyt­lar ope­ra­tor­lar ta­ra­pyn­dan te­le­fon arka­ly tas­syk­la­nyl­ýar we müş­de­ri üçin amat­ly wagt­da öýü­ne el­ti­lip be­ril­ýär. Müş­de­ri­ler bi­len ha­sap­la­şyk­lar nagt we tö­leg kart­la­ry­nyň üs­ti bi­len nagt däl gör­nüş­de ka­bul edil­ýär. In­ter­net saý­ty­myz dört bö­lüm­den yba­rat. «Iýmit önüm­le­ri» bö­lü­min­de süý­ji-köke­dir üw­meç­le­riň, süýt önüm­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri bar. «Şah­sy gö­zel­lik we ideg» bö­lü­min­de kos­me­ti­ki, saç ýu­wu­jy we ti­mar­laý­jy se­riş­de­le­ri, parf­ýu­me­ri­ýa önüm­le­ri­ni sa­tyn alyp bol­ýar. «Aras­sa­çy­lyk se­riş­de­le­ri» bö­lü­mi kir ýu­wu­jy se­riş­de­le­riň, ka­gyz önüm­le­ri­niň baý top­lu­my­ny özün­de jem­le­ýär. «Ça­ga­lar üçin se­riş­de­ler» bö­lü­min­de bol­sa kör­pe nes­li­mi­ziň sag­dyn ösüp-ulal­ma­gy üçin ýo­kumly iý­mit­ler­den baş­lap, saç ýu­wu­jy we ýum­şa­dy­jy se­riş­de­ler, sa­byn­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri, ça­ga ar­lyk­la­ry bar. In­ter­net saýt­da ha­ryt­la­ryň sa­na­wy bi­len bir­lik­de, ola­ryň su­rat­la­ry we baha­la­ry hem gör­ke­zi­len. Ýe­ri ge­len­de, in­ter­net dü­ka­ny ar­ka­ly hö­dür­le­nil­ýän ha­ryt­la­ryň ba­ha­la­ry­nyň ba­zar ba­hasyn­dan ep-es­li ar­zan­dy­gy­ny, şeýle-de sa­tyn al­nan ha­ryt­la­ryň ba­hasy 100 ma­nat­dan geç­se, ola­ry el­tip ber­mek hyz­mat­la­ry­nyň tö­leg­siz­di­gi­ni hem nyg­ta­sym gel­ýär. Hep­de­lik we aý­lyk ar­zan­la­dyş ak­si­ýa­la­ry­nyň yzygi­der­li ge­çi­ril­me­gi müş­de­ri­le­ri­mi­ziň sa­ny­nyň bar­ha art­ma­gy­na ge­tir­ýär ― diýip, habarda saýty esaslandryjynyň sözleri getirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň