Soňky habarlar

Arhiw

Wenada Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň nobatdaky maslahaty geçirildi

09:4013.01.2020
0
704

Türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 25 ýyl­ly­gy my­na­sybet­li ge­çi­ril­jek giň ge­rim­li çä­re­ler dün­ýä jem­gy­ýet­çili­gin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Go­laý­da We­na­da ge­çi­ri­len Türk­men-awst­ri­ýa jem­gy­ýe­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de-de bu me­se­lä aý­ra­tyn üns be­ril­di. Türk­men-awst­ri­ýa jem­gy­ýe­ti­niň ýol­baş­çy dü­zü­mi­niň we Awst­riýa­nyň hem-de Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­rynyň­dyr fir­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len mej­lis­de türk­men Li­de­ri­niň gol­daw ber­me­ginde, bu jem­gy­ýet bi­len bi­le­lik­de 2019-njy ýy­lyň do­wamyn­da Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ri­len çä­re­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne syn be­ril­di.  Bu barada «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

Şeý­le hem mej­li­siň çäk­le­rin­de Türk­men-awst­ri­ýa jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 25 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­tan­da hem-de Awst­ri­ýada ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan 5-nji We­na ba­ly, «Gal­ky­nyş» sim­fo­ni­ki or­kest­ri­niň çy­ky­şy, Türk­me­nis­ta­nyň We­na­da­ky Me­deni­ýet gün­le­ri, Bi­le­lik­dä­ki türk­men-awst­ri­ýa to­pa­ry­nyň mej­li­si hem-de hal­ka­ra mas­la­hat­la­ryň bir­nä­çe­si bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň