Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda bölek söwdada harytlary sanly ulgamyň üsti bilen satmak düzgünleşdirilýär

17:4011.01.2020
0
1774

10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanyna bölek söwdada harytlary sanly ulgamyň üsti bilen satmagy düzgünleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan çäreleri amala aşyrmak hem-de ilata edilýän söwda hyzmatlaryny döwrebap derejede kämilleşdirmek, şol sanda internet-dükanlarynyň işini ýola goýmak arkaly «Harytlary uzaklykdan satmagyň düzgünleriniň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Bu taslama «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda», «Söwda işi hakynda» hem-de «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet hyzmatlaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ylalaşykly işlenip taýýarlanyldy.

Bölek söwda ulgamynda internet-dükanlaryň hereket etmegi ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, bäsdeşlige ukyply bazar gatnaşyklaryny kemala getirmäge oňyn täsirini ýetirer.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrebap sanly gurşawyň möhüm bölegi bolan elektron söwdasynyň durmuş şertlerine laýyklykda zerurdygyny belledi.

Şunda döwlet Baştutany harytlaryň uzaklykdan satylmagynyň, bu ozaly bilen, ýokary amatlylyk we hyzmatlar, sarp edijiniň isleglerini kanagatlandyrmak, söwdanyň guralmagyna innowasion çemeleşme hem-de alyjylar üçin aňrybaş amatlylyk bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti ulgama sanly hyzmatlary ornaşdyrmak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň