«Türkmenawtoulaglary» awtobuslaryň paýtagtdaky ugurlaryna wagtlaýyn üýtgeşmeleri girizdi

16:0611.01.2020
0
14917
«Türkmenawtoulaglary» awtobuslaryň paýtagtdaky ugurlaryna wagtlaýyn üýtgeşmeleri girizdi

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynyň wagtlaýyn ýapylýandygy sebäpli 1-nji, 9-njy, 13-nji, 16-njy, 20-nji, 23-nji, 29-njy, 34-nji, 37-nji, 38-nji, 55-nji we 57-nji awtobus ugurlaryna üýtgeşmeleriň girizilýändigini habar berdi. Üýtgeşmeler şeýle tertipde bolar:

• 1-nji, 9-njy, 57-nji awtobus ugurlary A.Nyýazow şaýolunyň Garaşsyzlyk şaýoly we Andalyp köçesi aralygyndaky bölegini «Garaşsyzlyk şaýoly – Oguzhan köçesi – Andalyp köçesi» ugry boýunça amala aşyrar;

• 13-nji we 23-nji awtobus ugurlary Görogly köçesi - A.Nowaýy köçesi – A.Nyýazow şaýoly – Andalyp köçesi aralygyndaky bölegini «Görogly köçesi – Andalyp köçesi» ugry boýunça amala aşyrar;

• 16-njy, 29-njy, 38-nji awtobus ugurlary Türkmenbaşy şaýolunyň Galkynyş we Oguzhan köçeleriniň aralygyndaky bölegini «Galkynyş köçesi – Andalyp köçesi – Oguzhan köçesi» ugry boýunça amala aşyrar;

• 20-nji awtobus ugry Türkmenbaşy şaýolunyň Galkynyş we Oguzhan köçeleriniň aralygyndaky bölegini «Galkynyş köçesi – Andalyp köçesi» ugry boýunça amala aşyrar;

• 34-nji awtobus ugry Garaşsyzlyk şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – Türkmenbaşy şaýoly bölegini «Garaşsyzlyk şaýoly - Oguzhan köçesi – Andalyp köçesi – Galkynyş köçesi – Türkmenbaşy şaýoly» ugry boýunça amala aşyrar;

• 37-nji awtobus ugry Türkmenbaşy şaýoly - A.Nyýazow şaýoly -Garaşsyzlyk şaýoly bölegini «Türkmenbaşy şaýoly – Galkynyş köçesi – Andalyp köçesi - Oguzhan köçesi - Garaşsyzlyk şaýoly» ugry boýunça amala aşyrar;

• 55-nji awtobus ugry Türkmenbaşy şaýoly we A.Nyýazow şaýoly bölegini «Türkmenbaşy şaýoly – Galkynyş köçesi – Andalyp köçesi - Oguzhan köçesi - Garaşsyzlyk şaýoly – A.Nyýazow şaýoly» ugry boýunça amala aşyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň