Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen halysyna bagyşlanan maslahat geçirildi

11:0511.01.2020
0
4082

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Haly — türkmeniň gadymy hem müdimi sungaty» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata Türkmen halysynyň milli muzeýiniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Mas­la­hat­da edi­len çy­kyş­lar­da geçen ýy­lyň ahy­ryn­da ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­rasy­ny go­rap sak­la­mak ba­ra­da­ky Hö­küme­ta­ra Ko­mi­te­ti­niň no­bat­da­ky 14-nji mej­li­sin­de mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­myzyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi bi­len bag­ly buý­sanç­ly gür­rüň edil­di, ha­ly­lary­my­zyň gö­zel­li­gi, ola­ryň do­ka­lyş aýra­tyn­ly­gy, ha­ly­da­ky na­gyş­la­ryň ýü­ze çy­ky­şy bi­len bag­ly gym­mat­ly mag­lumat­lar hak­da aý­dyl­dy.

Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da ýur­dumy­zyň gör­nük­li su­rat­keş­le­ri­niň dö­reden nak­gaş iş­le­ri­niň, şeý­le-de ha­ly önüm­le­ri­niň ser­gi­si gu­ral­dy. Ser­gi­de ýer­leş­di­ri­len nak­gaş­çy­lyk iş­le­rin­de adam­la­ryň zäh­met­sö­ýer­li­gi, türk­men te­bi­ga­ty­nyň gö­zel­li­gi öz be­ýa­ny­ny tapsa, hut şeý­le gö­zel­lik­le­ri özün­de jemle­ýän ne­pis ha­ly­la­ry­my­zyň ulu­ly-ki­çi­li dür­li gör­nü­şi­ni syn­lan­lar ge­lin-gyz­laryň ba­şar­nyk­la­ry­na, ze­hin­le­ri­ne ýo­kary ba­ha ber­di­ler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň