Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan 2020-nji ýylda halkara konwensiýalaryň birnäçesine goşular

23:5610.01.2020
0
11557

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 10-njy ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň şu ýyl halkara konwensiýalara we beýleki namalara goşulmagy boýunça teklipler barada hasabat berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Wise-premýer, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy 2020-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň birnäçe ugurlar boýunça halkara konwensiýalara we köptaraplaýyn resminamalara goşulmagy babatda teklipleri Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.

Ykdysady ugur boýunça Araçylygyň esasynda gazanylan halkara ýaraşyk ylalaşyklary hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýasy bar. Bu resminama söwda jedellerini çözmegiň täsirli usuly hökmünde araçylyga ýardam bermegiň guraly bolup durýar.

Ulag ugry boýunça Halkara awtomobil baş ýollar hakynda Ýewropa ylalaşygy bar. Bu resminama Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň işi alnyp barylýan sebitde halkara ýol ulgamynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Daşky gurşawy goramak ugry boýunça Durnukly organiki hapalaýjylar hakynda Stokgolm konwensiýasy bar. Bu Konwensiýa durnukly zäherli maddalaryň — organiki pestisidleriň ulanylmagyny bes etmegi göz öňünde tutýar.

Şeýle hem «Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal Teswirnamasyna Düzediş» atly resminama daşky gurşawa ýaramaz täsirli maddalaryň önümçiliginiň we sarp edilişiniň yzygiderli azaldylmagyna gönükdirilendir.

Medeni-ynsanperwer ugry boýunça medeni taýdan özüni görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakynda Konwensiýa bar. Bu resminama dürli medeniýetleriň birek-birege täsiriniň erkinligi üçin şertleri döretmäge we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Intellektual eýeçilik ugry boýunça patent hukugy hakynda Şertnama bar. Bu şertnama milli patent ýüztutmalaryna we patentlere garamagyň amalyny kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň şu ýyl halkara konwensiýalara we beýleki namalara goşulmagy boýunça hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de halkara kadalara laýyklykda, döwlet edaralary we halkara guramalar bilen bilelikde bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň