Aşgabatdaky täze pyýada geçelgelerini «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy gurar

22:5610.01.2020
0
27864

Aşgabat şäheriniň awtomobil ýol ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek we binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna ýokary derejede taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly bilen Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň çatrygynda ýerasty awtomobil geçelgesiniň we 4 sany ýerasty pyýada geçelgesiniň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy bilen şertnamany, daşarky eltiji suw we lagym üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we desgalary 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň