Ysraýylyň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik missiýasyny tamamlady

11:0310.01.2020
0
4730

9-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Moşe Kamhini kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Ysraýylyň Ilçisine bu wezipede zähmet çeken döwründe alyp baran önjeýli işi hem-de türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandy üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Öz nobatynda ysraýylly diplomat türkmen tarapyna özarabähbitli hyzmatdaşlygy we onuň diplomatik wezipesini durmuşa geçirmeginde beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Moşe Kamhä onuň geljekki işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň