Türkmenistan ŞHG-nyň ýolbaşçysyny Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çärelere çagyrdy

21:0009.01.2020
0
4196

Ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hy­taý Halk Res­pub­li­kasyn­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Para­hat Dur­dy­ýew bi­len Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­rama­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry Wla­di­mir No­ro­wyň ara­syn­da du­şu­şyk ge­çi­ril­di di­ýip, ŞHG-niň sek­re­ta­ria­ty­nyň res­mi in­ter­net saý­tyn­da ha­bar be­ril­ýär. Du­şu­şy­gyň çäk­le­rinde Türk­me­nis­tan bi­len Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­masy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan me­sele­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Hu­su­san-da, türk­men dip­lo­ma­ty öza­ra gat­na­şyk­laryň hä­zir­ki ýag­da­ýy­na ýo­ka­ry ba­ha be­rip, 2020-nji ýylyň do­wa­myn­da türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 25 ýylly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­ler ba­ra­da gür­rüň ber­di. Şeý­le hem ŞHG-niň Baş sek­re­ta­ry­na şu ýy­lyň 11-12-nji de­kab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek pa­ra­hat­çy­lyk, howpsuz­lyk we dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça hal­ka­ra mas­la­ha­ta gat­naş­mak ba­ra­da­ky ça­ky­ly­k gow­şuryl­dy. Gu­ra­ma­nyň Baş sek­re­ta­ry ça­ky­lyk üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, in­no­wa­siýa­lar, san­laş­dyr­mak we elekt­ron söw­da­sy ýa­ly ugurlar­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň