«Bunýodkor» AFK-nyň Çempionlar ligasyna BAE-de taýýarlanýar

16:3809.01.2020
0
4525

Türkmenistanly futbolçy Selim Nurmyradow täze topary ― Daşkendiň «Bunýodkory» bilen BAE-niň paýtagty Abu-Dabi şäherinde türgenleşýär. Topar bu ýerde AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ikinji saýlama tapgyrynda Yragyň «Al-Zawrasy» bilen boljak duşuşyga taýýarlanýar diýip, «Championat.asia» ýazýar.

«Bunýodkor» şäherdäki «Park Rotana» myhmanhanasynda ýerleşdi. Bu ýerde 17-nji ýanwara çenli dowam etjek türgenleşikleriň çäginde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň hem birnäçesi meýilleşdirilýär.

Her gün iki wagtyna geçirilýän türgenleşikler bilen bilelikde futbolçylar bilen nazary sapaklar hem geçilýär.

«Bunýodkor» 21-nji ýanwarda Yragyň «Al-Zawrasy» bilen Daşkentdäki «Milli» stadionda duşuşar.

Selim Nurmyradowyň bu topar bilen şu ýylyň dekabr aýyna çenli şertnama baglaşandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň