Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat Amanowyň «Lokomotiwdäki» şertnamasynyň möhleti tamamlandy

18:5007.01.2020
0
15886

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanowyň Özbegistanyň «Lokomotiw» kluby bilen şertnamasy tamamlandy. Bu barada «Transfermarket» saýty habar berýär.

«Championat.asianyň» ýazmagyna görä, toparyň BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna 2019-njy ýyldaky düzümden on bir futbolçy gitmedi. Olar Arslanmyrat Amanow, Ýowan Jokiç, Igor Ýeliç Smit, Şerzod Karimow, Jawohir Sohibow, Mamur Ikromow, Oston Urunow, Anzur Ismailow («Pahtakora» geçdi) we Islom Tuhtahojaýew («Şenýan Urbana» geçdi).

Türkkmenistanyň futbol ýygyndysynyň kapitanynyň «Lokomotiwiň» düzümine 2019-njy ýylyň fewralynda goşulandygyny ýatladýarys. Geçen möwsümde ildeşimiz kluby bilen Özbegistanyň wise-çempiony boldy. 29 ýaşly Arslanmyrat Amanow 23 duşuşykda meýdana çykyp, şolarda dört gezek tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň