«Türkmenistan Sport» «Mançester derbisini» göni ýaýlymda görkezer

15:1507.01.2020
0
5230

«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan gyzykly duşuşyklary alyp görkezmegini dowam etdirýär. Şu hepdede hem teleýaýlym öz tomaşaçylaryna Angliýanyň, Italiýanyň we Fransiýanyň çempionatlaryndan gyzykly duşuşyklaryň birnäçesini hödürleýär.

Aýyň 7-sinden 8-ne geçilýän gije ýaýlymda «Mançester Siti» we «Mançester Ýunaýted» toparlarynyň arasyndaky «Mançester derbisi» görkeziler. Iki topar «Old Trafford» stadionynda Angliýanyň Liga kubogynyň ýarym finalynyň çäginde duşuşarlar.

«Turkmen TV» saýyna esaslanyp, okyjylarymyza ýaýlymda şu hepde görkeziljek duşuşyklaryň sanawyny hödürleýäris:

8.01.2020

00:55, Angliýanyň kubogy, «Mançester Ýunaýted» ― «Mançester Siti»

9.01.2020

00:55, Angliýanyň kubogy, «Lester» ― «Aston Willa»

10.01.2020

01:10, Italiýanyň kubogy, «Torino» ― «Ženoa»

11.01.2020

00:40, Fransiýa, Liga 1, «Renn» ― «Marsel»

18:55, Italiýa, Seriýa A, «Kalýari» ― «Milan»

21:55, Italiýa, Seriýa A, «Lasio» ― «Napoli»

12.01.2020

16:25, Italiýa, Seriýa A, «Udinize» ― «Sassulo»

18:55, Italiýa, Seriýa A, «Torino» ― «Bolonýa»

21:55, Italiýa, Seriýa A, «Werona» ― «Ženoa»

13.01.2020

00:55, Fransiýa, Liga 1, PSŽ ― «Monako».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň