Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Döwlet Ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryş wekili boldy

11:2806.01.2020
0
1542

Ýakynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Türkmenistanyň Döwlet Ätiýaçlandyryş guramasynyň arasynda “Ätiýaçlandyryş wekili” bolmak barada şertnama baglaşyldy.

Şertnama esasynda port Ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryş wekili bolup durýar. Ätiýaçlandyryş wekili hökmünde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuň üstünden ugradylýan we getirilýän howply ýükler başda bolmak bilen, ýükiň beýleki görnüşlerini hem meýletin ätiýaçlandyrmaklarynda ýük ugradyjylar we daşaýjylar bilen gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.

2018-nji ýylyň maý aýynda gurlup ulanylmaga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda häzirki wagtda porta gelýän we eksporta ugradylýan ýükleriň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde uly işler alnyp barylýar. Täze baglaşylan şertnama hem şeýle ädimleriň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň